Apple iPhone 15 Pro we 15 Pro Max modellerine Visual Intelligence funksiýasyny goşar

  • 27.02.2025 11:17
  • 1.8k+

Apple Visual Intelligence funksiýasynyň iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max üçin elýeterli boljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu tehnologiýa ilkibaşdanam iPhone 16 smartfonlarynyň üýtgeşik aýratynlygy hasaplanýardy.

Bu funksiýa iOS 18.4 täzelenmesiniň durnukly wersiýasynda peýda bolar.
Ozal kamera girmek üçin ýörite düwmäniň ýoklugy sebäpli, bu funksiýa modelleriň öňki neslinde goldanylmaýardy. Şeýle-de bolsa, iPhone 16E modeliniň peýda bolmagy bilen Apple Visual Intelligence-i işjeňleşdirmegiň täze usulyny – Action düwmesine meňzeş Dolandyryş merkezindäki ýarlygy goşdy.
Visual Intelligence bu ulanyjylara smartfon kamerasyny obýektlere gönükdirip, olar barada maglumat almaga mümkinçilik berýän nerw ulgamynyň funksiýasydyr. Mysal üçin, gözel ýerler ýa-da beýleki syýahatçylyk ýerleri barada zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýär, ösümlikleriň atlaryny aýdýar ýa-da posterden senenama bir çäräni goşmaga kömek edýär.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...