Galaxy Z Fold7 kuwwatly Snapdragon 8 Elite çipsetini alar we inçe bolar

  • 26.02.2025 12:22
  • 3.1k+

Samsung kompaniýasy Qualcomm-dan Snapdragon 8 Elite çipsetini aljak Galaxy Z Fold7 smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar.

Insaýder PandaFlashPro-nyň maglumatlaryna görä, bu smartfon şeýle öndürijilikli platforma eýe bolan bazardaky az sanly gurluşlaryň biri bolar. Deňeşdirmek üçin, täze Find N5 Qualcomm-yň 7 ýadroly görnüşini ulanýar.
OnLeaks hökmünde tanalýan insaýder Stiw Hemmerstoffer ilkinji renderleri hödürledi. Syzma maglumatlara görä, täze smartfon Amazon-da 1549 dollara satylan Galaxy Z Fold6-dan inçe bolar. Smartfonyň ölçegi açylan görnüşde 158,4 x 143,1 x 4,5 mm bolar, ýygnalan görnüşde bolsa onuň ýogynlygy 9,5 mm bolar.


Akkumulýator sygymy 4400 mA/sag derejesinde galar. Fold7 8,2 dýuým içki ekrana we 6,5 dýuým ýokarky displeýe eýe bolar.
200 MP esasy kamera 12 MP ultra giňburçly kamera we 10 MP teleobýektiw bilen bilelikde işlär. Şeýle-de, eplenýän ekranda 4 MP selfi kamerasy we displeýiň gapagynda 10 MP kamera bolar.
Gurluşyň 2025-nji ýylyň iýulynda satuwa çykmagyna garaşylýar.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...