iPhone 17 Apple-iň öndüren Wi-Fi çibini alar

  • 26.02.2025 09:38
  • 5.3k+

Apple kompaniýasy beýleki smartfon üçin komponentleri üpjün edijilere garaşlylygyny barha azaldýar. iPhone 16E smartfonyň alan hususy 5G modeminden soň, kompaniýa iPhone 17 üçin Wi-Fi 7 çibini işläp taýýarlady.

Bu kompaniýanyň Broadcom-yň Wi-Fi çiplerini ulanmagyny kem-kemden bes etjekdigini aňladýar. Ýöne hususy çiplere geçiş prosesi kem-kemden bolup, üç ýyla çenli çekip biler.
Habar berlişine görä, Qualcomm-yň önümlerinden yza galýan 5G modeminden tapawutlylykda, Apple-iň täze Wi-Fi 7 çibi iň ýokary ülňülere laýyk getirilip, Wi-Fi 7-niň ähli aýratynlyklaryny goldar.
Şeýlelikde, bir ýylyň dowamynda Apple kompaniýasy iPhone-y, esasan, öz öndüren komponentleri bilen üpjün etmäge tarap iki uly ädimi ädýär. Ýöne Apple-iň ýat çiplerini öndürmek bilen meşgullanjakdygy gümana bolsa-da, ol eýýäm şeýle çemeleşme bilen pudakda özboluşly kompaniýa hasaplanýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...