“Howsala düşmäge sebäp ýok”: NASA "2024 YR4" asteroidi bilen çaknyşmak ähtimallygyny peseltdi

  • 25.02.2025 17:24
  • 6.3k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary müdirligi (NASA) 2024-nji ýylyň dekabrynda ýüze çykarylan 2024 YR4 asteroidine goşmaça gözegçilik etdi. Täze maglumatlary seljerenlerinden soň, hünärmenler bu asman jisiminiň planetamyz bilen çaknyşmak ähtimallygyny ep-esli azaltdylar.

Başda çaknyşmak töwekgelçiligi 3,1% diýlip kesgitlenipdi (takmynan 32-den 1). Bu görkeziji ony NASA-nyň Ýeriň töweregindäki obýektleri öwrenýän merkeziniň (CNEOS) sanawynda iň howply asteroid etdi. Indi bolsa, çaknyşma ähtimallygy bary-ýogy 0,28%-dir (360-dan 1 ähtimallyk).
NASA-nyň işgärleri "çaknyşma ähtimallygynyň pesdigini we alada etmäge sebäbiň ýokdugyny" bellediler.
Howpuň ep-esli azalandygyna garamazdan, 2024 YR4 asteroidi CNEOS-yň howply jisimler sanawynda birinji ýerde durýar. Deňeşdirmek üçin, sanawdaky indiki 1950 DA asteroidiniň 2880-nji ýylda Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy 0,039%-dir.


18.04.2026 23:36
3.8k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...