Apple iPhone modellerindäki “Öý” düwmesinden bütinleý ýüz öwürdi 

  • 25.02.2025 15:02
  • 4.5k+

Apple iPhone 16e modeliniň çykmagy bilen enjamlaryndaky "Öý" (Home) düwmesini ulanmakdan doly ýüz öwürdi. Täze smartfon iPhone SE we iPhone 14-iň ýerine çykarylyp, Apple Intelligence-i goldaýan iň arzan enjam boldy. Indi Apple-iň satuwdaky häzirki zaman modelleriniň hemmesi nawigasiýa düwmesi bolmazdan diňe yşaratlar bilen dolandyrylar.

"Öý" düwmesi Apple enjamlarynda 2007-nji ýylda peýda boldy. Ol enjamda ýeke-täk fiziki dolandyryş düwmesi bolup, esasy ekrana derrew dolanmaga mümkinçilik berdi. 2011-nji ýylda bu düwmä Siri ses kömekçisini çagyrmak ukyby, 2013-nji ýylda bolsa Touch ID barmak yzy skaneri goşuldy.
2016-njy ýylda Apple köp enjamlaryndaky fiziki düwmäni sensor düwmesine çalyşdy. iPhone 7-de adaty düwmäniň deregine Taptic Engine gysga seslenmesi ulanylýardy.
Fiziki düwmeler ilkinji gezek 2017-nji ýylda iPhone X modelinde dolulygyna aýryldy. Muňa garamazdan, iPhone 8 we iPhone 8 Plus modelleri hem satuwda galdy we soňra kompaniýa şol bir dizaýnda iPhone SE 2 we iPhone SE 3-i çykardy.
Indi “Öý” düwmesi, häzirki modelleriň hemmesinden aýrylyp, Apple-iň iň tanalýan dizaýn elementleriniň biriniň 18 ýyllyk taryhyny tamamlady.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...