Apple we Lenovo noutbuklaryny özbaşdak bejermek kyn bolup çykdy

  • 25.02.2025 14:09
  • 1.7k+

Birnäçe meşhur brendleriň öz smartfonlarynyň bejergä ýaramlylygyny gowulandyrandygyna garamazdan, noutbuklara gezek galanda, özbaşdak bejermek işi çylşyrymly mesele bolup galýar. Bu ABŞ-nyň we Kanadanyň jemgyýetçilik gyzyklanmalaryny öwrenmek boýunça toparynyň (PIRG) 2025-nji ýyldaky hasabatynda tassyklanýar.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, Apple we Dell öňe tarap birneme ädim ätdi, ýöne olaryň noutbuklary barybir pes baha aldy.
Lenovo 2025-nji ýyla çenli öz gurluşlarynyň 80%-ini bejermek üçin has ýaramly etmäge wada berdi, ýöne ol hem pes baha aldy – “F”. PIRG-iň habar bermegine görä, pes görkeziji kompaniýanyň öz modelleriniň 92%-i üçin bejergä ýaramlylygyň fransuz indeksini hödürlemändigi bilen baglanyşyklydyr.
Iň gowy görkeziji “A” bahasy bilen birinji orny eýelän Asus kompaniýasyna degişli boldy. Acer ikinji boldy. Bu brendler özbaşdak bejermesi aňsat bolan noutbuklary hödürleýär.
Samsung hem ABŞ-da meşhur brend hökmünde reýtinge girdi.
10 öndürijiniň 8-isi, şol sanda TechNet we Consumer Technology Association söwda assosiasiýalarynyň agzalary özbaşdak bejermek hukugyna garşy çykýar. Ýöne Google kompaniýasy bularyň hataryna girmedi we ol geçen ýyl bejermek hukugy barada dört kanun taslamasyny goldady.


02.03.2026 22:21
4.8k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...