Xiaomi 27-nji fewralda 15 Ultra smartfonyny we SU7 Ultra superkaryny tanyşdyrar

  • 24.02.2025 23:46
  • 2.8k+

Xiaomi kompaniýasy flagman smartfony bolan Xiaomi 15 Ultra-nyň, şeýle hem 1500 at güýçli SU7 Ultra elektromobiliniň tanyşdyryljak senesini resmi taýdan tassyklady. Çäre 2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda geçiriler.

Kompaniýanyň baş direktory Leý Szýun bu önümleriň kompaniýanyň innowasiýalarynyň 15 ýyllyk geçen ýolunda ýeten çür depesini alamatlandyrjakdygyny nygtady.
Xiaomi 15 Ultra 50 Mp esasy kamera, 50 Mp aşa giň burçly modula we 200 Mp periskopiki teleobýektiwe eýe bolar. Şeýle hem smartfon 2K ekran, Snapdragon 8 Elite SoC prosessory we çalt zarýad almak mümkinçiligi bolan 6000 mAs batareý bilen enjamlaşdyrylar.
SU7 Ultranyň hut şol gün tanyşdyrylmagy - bu modeliň satuwynyň başlanmagyny alamatlandyrýar diýip, CnEVPost ýazýar. Bu superkar 1548 at güýjüne eýe bolup, sagatda 100 km tizlige iki sekunda ýetmän galýar. Maksimal tizligi - sagatda 350 km. Kompaniýa eýýämden 4000 töweregi deslapky sargyt aldy we şu ýylyň özünde 10 müň maşyn satmagy meýilleşdirýär.
Ýatlatsak, ýakynda SU7 Ultra  Nýurburgring ýolunda iň çalt dört gapyly, tapgyrlaýyn çykaryljak ulag hökmünde rekord goýupdy. Bu elektrikli ulag şeýle hem Şanhaý halkara awtodromynda Porsche Taycan Turbo GT-niň rekordyny döwdi.
Smartfon bilen ulagyň tanyşdyrylyş dabarasy 27-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 16:00-da başlanar. Täze önümleriň ikisiniň hem dünýä boýunça tanyşdyrylyşy Barselonada MWC 2025 sergisiniň öň ýanynda - 2-nji martda geçiriler.


14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...