Telegram jorap satýar: şeýle sowgatlar messenjere millionlarça dollar getirýär

  • 24.02.2025 14:43
  • 5.5k+

23-nji fewralda Telegram messenjerinde beýleki ulanyjylara berip boljak wirtual joraplar peýda boldy. Bu sowgat baýramçylykda erkeklere jorap sowgat etmek ýaly degişme äheňli sowet we rus däbi bilen baglanyşykly boldy.

Ýekşenbe güni agşama çenli azyndan 138,1 müň jorap satyldy, galan 111,8 müň jorap heniz satuwda diýip, Afişa Daily ýazýar. Her jorabyň bahasy 100 ýyldyza (Telegram-da 195,99 rubl ýa-da häzirki hümmet boýunça $2,2) durýar.
Joraplar eýýäm işläp düzüjilere, takmynan, 27 mln rubl ($306 müň) getirdi. Olar satylyp gutaran ýagdaýynda girdeji tas 50 mln rubl ($576 müň) bolup biler.
Telegram ozal hem şeýle sowgatlyk aksiýalaryny geçirdi. 14-nji fewralda Keramatly Walentin güni ulanyjylar dokuz sowgatdan ybarat toplumy bary-ýogy birnäçe sagatda alyp gutardy. Netijede, messenjeri esaslandyryjy Pawel Durowyň aýtmagyna görä, girdeji 5 mln dollar boldy.


03.10.2025 17:03
4.5k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

26.12.2024 07:24
2.8k+

Telegram ilkinji gezek girdeji gazandy. Messenjeriň girdejisi 1 milliard dollardan geçdi

Telegram messenjeri 2024-nji ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, taryhynda ilkinji gezek girdeji aldy. Üstünlik abonentleriň sanynyň we mahabat girdejileriniň köpelmegi bilen bagly. Kompaniýanyň...

düýn 10:45
2.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

düýn 09:49
1.8k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....