Telegram ilkinji gezek girdeji gazandy. Messenjeriň girdejisi 1 milliard dollardan geçdi

  • 26.12.2024 07:24
  • 2.8k+

Telegram messenjeri 2024-nji ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, taryhynda ilkinji gezek girdeji aldy. Üstünlik abonentleriň sanynyň we mahabat girdejileriniň köpelmegi bilen bagly. Kompaniýanyň möhüm maliýe üstünliklerini messenjeriň esaslandyryjysy Pawel Durow mälim etdi.

Durowyň sözlerine görä, bu hyzmatyň tölegli abonentleriň sany 12 million adama ýetdi.

“Çak edişim ýaly, 2024-nji ýyl Telegram üçin üstünlikli ýyl boldy. Messenjer üç ýyllyk monetizasiýanyň taryhynda ilkinji gezek girdeji gazandy. Bu ýyl Telegram Premium-yň abonentleriniň sany üç esse artyp, 12 million adamdan geçdi. Mahabat girdejilerimiz hem birnäçe esse artdy. Netijede, hyzmatyň 2024-nji ýyldaky umumy girdejisi 1 milliard dollardan geçdi we kripto aktiwlerini hasaba almazdan, ýyly 500 million dollardan gowrak nagt ätiýaçlyklary bilen tamamlaýarys. Biz sosial ulgamlaryň garaşsyz bolmak we ulanyjylaryň hukuklaryna hormat goýmak bilen maliýe durnuklylygyny gazanyp biljekdigini görkezip bildik "- diýip, messenjeriň ýolbaşçysy habar berdi.


03.10.2025 17:03
4.5k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

24.02.2025 14:43
5.5k+

Telegram jorap satýar: şeýle sowgatlar messenjere millionlarça dollar getirýär

23-nji fewralda Telegram messenjerinde beýleki ulanyjylara berip boljak wirtual joraplar peýda boldy. Bu sowgat baýramçylykda erkeklere jorap sowgat etmek ýaly degişme äheňli sowet we rus däbi bilen baglanyşykly...

düýn 10:45
2.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

düýn 09:49
1.8k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....