Pixar «Ýeňiş ýa-da ýeňliş» atly ilkinji multserialyny çykardy

  • 22.02.2025 23:08
  • 3.2k+

Disney+ platformasynda «Ýeňiş ýa-da ýeňliş» (Победа или поражение) atly multserial görkezilip başlandy. Bu taslama Pixar studiýasynyň ilkinji multserialydyr.

Serialda çempionada taýynlyk görýän softbol boýunça çagalar topary hakda gürrüň berilýär. Awtorlar ýaş türgenleriň we olaryň ene-atalarynyň häsiýetlerini açyp görkezmegi maksat edinýärler.
«Ýeňiş ýa-da ýeňlişiň» režissýorlary hökmünde Kerri Hobson we Maýkl Ýeýts çykyş edýär. Toparyň tälimçisine meşhur aktýor Uill Forte ses berýär. Serial jemi 8 bölüm bolar, iň soňky bölümiň premýerasy aprel aýynda meýilleşdirilýär. Tankytçylar seriala oňyn baha berdiler, ýöne gahrymanlaryň o diýen uly täsir galdyrmaýandygyny we käbir bölümleriň gurluşynyň üýtgeşikligi ýaly käbir gowşak taraplaryny hem belläp geçdiler.


düýn 17:15
1.5k+

2026-njy ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar...

düýn 08:01
2.1k+

“Jon Wik” äleminden Kain baradaky spin-off filminiň surata düşürilişi başlandy

“Jon Wik” franşizasynyň spin-offy bolan, ganhor Kain baradaky solo filmiň surata düşürilişi başlandy. Taslamany filmde baş keşbi janlandyrjak we režissýorlyk etjek aktýor Donni Ýen yglan etdi....

27.04.2026 22:20
4.3k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

27.04.2026 11:37
2.2k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....