Apple gyzyl gajetlerini çykarmagyny bes etdi – (PRODUCT) RED eýýamy tamamlanýar

  • 22.02.2025 12:01
  • 4k+

Apple-iň (PRODUCT) RED önüm hatarynyň kompaniýanyň taryhynyň bir bölegine öwrülendigine garamazdan, häzir satuwdan kompaniýanyň (RED) haýyr-sahawat guramasyny goldamak üçin haýyr-sahawat başlangyçlaryny alamatlandyrýan gyzyl reňkli gajetler aýryldy. Bu barada MacRumors habar berýär.

2006-njy ýyldan bäri Apple Afrikada AIW we AIDS, inçekesel we gyzzyrma ýaly keseller bilen göreşýän The Global Fund haýyr-sahawat gaznasy üçin serişde ýygnamak boýunça (RED) guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa käbir önümlerini (PRODUCT) RED aýratynlygy bilen gyzyl reňkde çykarýar. Soňra bu önümleriň satuwyndan alnan serişdeleriň bir bölegi haýyr-sahawata gönükdirilýär. Tehnologiýa ugrunda hünärmen Jon Smitiň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda “bu reňkiň elýeterliligi yzygiderli azaldy”.
iPhone SE, iPhone 14 we iPhone 14 Plus smartfonlarynyň önümçiligi bes edilenden soň bolsa, (PRODUCT) RED brendiniň gurluşlary indi satylmaýar. Häzirki wagtda bu hatarda ýeke-täk elýeterli harytlar köne iPhone modelleri üçin birnäçe daşlyklar bolup galdy.
Indi Apple gyzyl reňklerde elýeterli bolan täze Beats önümleri üçin başga belligi ulanyp başlady. Şeýle üýtgeşme adaty (PRODUCT) RED strategiýasyndan daşlaşylmagyny görkezýär we bu “Apple-iň öz önümlerini tapawutlandyrmak islegi ýa-da (RED) bilen hyzmatdaşlyk şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly hem bolup biler”.
(PRODUCT) RED-iň geçmişe gidýändigine garamazdan, kompaniýa The Global Fund gaznasyny Apple Pay-de ýyllyk haýyr-yhsan programmasy arkaly goldamagyny dowam etdirýär. Ol soňky gezek 2024-nji ýylyň 29-njy noýabryndan 8-nji dekabry aralygynda geçdi. Kompaniýanyň geljekde hyzmatdaşlygy gaýtadan dikeltmegi-de mümkin, ýöne häzirlikçe Apple-iň gyzyl gajetleriniň eýýamy soňlanýar.


16.05.2026 11:20
3.7k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...