Apple kompaniýasy iPhone SE, iPhone 14 we 14 Plus smartfonlarynyň önümçiligini bes etdi

  • 22.02.2025 06:44
  • 3.6k+

Ýakynda Apple özüniň iň elýeterli häzirki nesil smartfonyny – täze iPhone 16e-ni hödürledi. Şonuň netijesinde kompaniýanyň saýtyndan birbada üç köne iPhone modeli – iPhone SE, iPhone 14 Plus we iPhone 14 ýitdi. Bu olaryň önümçiliginiň doly bes edilendigini aňladýar.

iPhone 16e-niň tanyşdyrylyşyndan öň, täze nesil iPhone SE kompaniýanyň iň elýeterli smartfony bolar diýlip hasaplanýardy. Ýöne käbir çeşmeler smartfonyň iPhone 16e adyny aljakdygyny habar beripdi we bu şeýle-de boldy. Apple netijede birbada üç köne modeli bir täze smartfon bilen çalyşdy.
Kompaniýanyň özi iPhone SE, iPhone 14 we 14 Plus smartfonlaryny satmagyny bes etse-de, olary bellibir wagtyň dowamynda başga dükanlarda tapmak bolar. Ähtimal, iPhone 14 uly islegden peýdalanandygy we kompaniýanyň bu modelden ätiýaçlygynyň uludygy sebäpli, söwda tekjelerinde birneme uzak saklanar.
Şeýle-de, indi Apple kompaniýasy Lightning birleşdirijisi bolan smartfonlaryny satmagyny doly derejede bes etdi – kompaniýanyň assortimentinde galan modelleriň ählisinde USB-C bar. Ýöne Lightning gurluşlaryny henizem Apple-iň saýtynda satyn almak bolýar – mysal üçin, birinji nesil Pencil stilusyny. Şeýle-de, indi ähli iPhone OLED ekranlary bilen üpjün edilendir.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...