“The Last of Us” serialynyň ikinji möwsüminiň çykjak senesi belli boldy

  • 21.02.2025 23:54
  • 3.4k+

HBO-nyň “The Last of Us” serialynyň ikinji möwsümi (rus dilli prokatda – “Bizden birleri”) 13-nji aprelde çykar. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Serialyň dowamy “The Last of Us: Part II” oýnunyň sýužetine esaslanýar. Onda hereket birinji möwsümdäki wakalardan bäş ýyl soň bolup geçýär.

“Birinji möwsümiň wakalaryndan soňky bäş ýyllyk parahatçylykdan soň, Joel bilen Elliniň umumy geçmişi olaryň birek-biregi we yzda galdyrylandan has howply we kesgitsiz dünýä bilen dawasyna getirýär” – diýip, ikinji möwsümiň beýanynda aýdylýar.

Postapokaliptik zombi serialynda öz rollaryna Pedro Paskal we Bella Remsi gaýdyp geler. Mundan başga-da, seriala Keýtlin Dewer, Izabela Mersed we Jeffri Raýt goşuldy.
Taslamanyň şouranneri Kreýg Mazin boldy. Ol ozal ikinji möwsümiň ýedi bölüminiň “dykyz” we “kaloriýaly” boljakdygyny aýdypdy.

“Her bölüm – nahar ýaly. Nämedir bir ýeňil tagam bilen agşamlyk edip bolar ýa-da 12 tagamly restorana gidip bolar. Biziň ýedi bölümimiz bar. Bu ýokary kaloriýaly, baý bölümler bolar. Eger siz ekşn, drama we masştab epikligi döredýär diýip hasaplaýan bolsaňyz, onda bu bölümleriň her biri sizi parhsyz goýmaz. Siziň ýüregiňiz gysmaz” – diýip, ol belledi.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....