Opta pleý-off tapgyryndan soň Çempionlar ligasynda ýeňşe ýakyn toparlarynyň reýtingini täzeledi

  • 21.02.2025 19:53
  • 11k+

Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda oýnamak hukugy üçin geçirilen pleý-off tapgyrynyň netijesi boýunça ýaryşda ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary bolan toparlaryň reýtingini täzeledi.

Birinji orunda henizem “Liwerpul” ýerleşýär, ýöne superkompýuter onuň ýeňiş üçin mümkinçiligini 24,6%-den 20,2%-e çenli azaltdy.
Ikinji orunda Londonyň “Arsenaly” ýerleşýär, ol Çempionlar ligasynda 16,8% ähtimallyk bilen ýeňiji bolup biler (öňki reýtingde-de onuň mümkinçiligi şonçady – 16,6%). Liderleriň üçlügine indi “Barselona” goşuldy, toparyň ýeňiş üçin mümkinçiligi 9,5%-den 12,7%-e çenli artdy. Katalon kluby “Interden” öňe geçdi, superkompýuter onuň ýeňiş gazanmak ähtimallygyny 14,5%-den 12,4%-e çenli azaltdy.

2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynda ýeňiş üçin dalaşgärleriň ilkinji onlugy:

  1. “Liwerpul” – 20,2%;
  2. “Arsenal” – 16,8%;
  3. “Barselona” – 12,7%;
  4. “Inter” – 12,4%;
  5. Madridiň “Realy” – 10,5%;
  6. “PSŽ” – 8,8%;
  7. “Baýer” – 4,6%;
  8. “Bawariýa” – 4,2%;
  9. Madridiň “Atletikosy” – 3,8%;
  10. “Aston Willa” – 1,2%.

düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......