Mask fotorealistik grafikaly EA oýunlaryny döretmek üçin xAI Gaming studiýasyny işe girizýär

  • 21.02.2025 12:23
  • 2.9k+

Ilon Mask fotorealistik grafikaly oýunlary işläp düzmek üçin emeli aňdan peýdalanjak xAI Gaming studiýasynyň işe girizilýändigini mälim etdi diýip, Tom’s Hardware habar berýär.

“Biz xAI-de oýun EA studiýasyny işe girizýäris. Eger siz EA oýunlaryny döretmekde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, baş üstüne, xAI-e goşulyň” – diýip, Mask Grok-3 modelini işe girizmäge bagyşlanan göni ýaýlymda aýtdy. Ol häzirlikçe başga maglumat bermedi.

Grok-3 modeli eýýäm Python programmirleme dilinde Tetris we Bubble Trouble-yň esasy wersiýasy bilen meňzeş ýönekeý 2D oýunlaryny döretmek başarnygyny görkezdi. Ýöne model çylşyrymly ses effektlerini bermekde kynçylyk çekýär.
Mask Grok-3-üň oýunlarda grafika durulygyny ýokarlandyryp biljekdigini belledi, ýöne onuň beýleki studiýalar tarapyndan döredilen taslamalar üçin ulanyljakdygy ýa-da ýokdugy belli däl. Milliarderiň aýtmagyna görä, xAI öz öňünde doly derejeli oýun taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly has uly maksatlary goýýar. Şeýle-de, Ilon Mask Colossus superkompýuterini million GPU çenli giňeltmegi meýilleşdirýär, bu bolsa täze, has ösen EA modellerini işläp taýýarlamagy çaltlaşdyryp biler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......