Hytaý kompaniýasy ilkinji gezek ykjam telefonlary hemralar bilen gönüden-göni birikdirdi

  • 21.02.2025 11:25
  • 4k+

Hytaýyň GalaxySpace kompaniýasy ilkinji gezek ykjam telefonlar bilen pes orbitadaky hemralaryň arasynda göni aragatnaşyk tehnologiýasyny görkezdi. Bu giň zolakly aragatnaşyk hemralarynyň synag topary arkaly mümkin boldy.

Görkeziş Pekinde geçirilen täjirçilik kosmos konferensiýasy wagtynda boldy. Hemra forumyň geçýän ýerinden uçdy we gatnaşyjylar üçekdäki terminal gurluş arkaly öz telefonlaryny hemra birikdirdi. Aragatnaşyk Pekindäki şlýuz stansiýasy arkaly üpjün edildi we Pekinde-de, Tailandda-da işledi.
GalaxySpace-iň wise-prezidenti Lýu Çan Tailandyň iň uly telekom-operatory True Corporation bilen ýaňy-ýakynda gazanylan ylalaşygy belledi. Bu hyzmatdaşlyk hemra aragatnaşygyny, şeýle-de ykjam gurluşlar bilen hemralaryň arasynda aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürer.
2018-nji ýylda döredilen GalaxySpace Hytaýda hemra öndürijisi bolup, hemra interneti üçin öňdebaryjy çözgütler bilen üpjün edýär.
Konferensiýada bu ugurda täze tehnologiýalary ösdürmek üçin hemra internetiniň senagat parkynyň işe girizilendigi yglan edildi. Senagat parky hemra interneti boýunça işläp taýýarlamalary ilerletmek üçin Pekiniň E-Town aerokosmos senagatynyň tejribesini we tehnologiýa pudaklaryny ulanar. Sekiz sany esasy barlaghana aerokosmos enjamlaryny taslamak, hemra internet programmalary, aragatnaşyk we hemralary dolandyrmak ýaly ugurlara ünsi jemlär.
E-Town-da 160-dan gowrak aerokosmos kärhanasy, şol sanda 70-den gowrak milli ýokary tehnologiýa kompaniýasy bar.


11.06.2026 23:52
8.5k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.9k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......