120 dollar bahadan Samsung Galaxy A06 5G hödürlendi

  • 21.02.2025 08:26
  • 7.4k+

Samsung resmi taýdan arzan Samsung Galaxy A06 5G smartfonyny hödürledi. Bu Galaxy A hatarynda iň elýeterli model boldy.

4 GB operatiw we 64 GB fleş-ýat bilen smartfonyň bahasy 120 dollara barabar. Şeýle-de, 4/128 we 6/128 GB ýatly wersiýalar hem elýeterli bolup, olaryň bahasy, degişlilikde, 135 we 150 dollara deň.
Samsung Galaxy A06 5G diagonaly 6,7 dýuým we durulygy HD+ bolan IPS ekranyna eýe boldy. Frontal kamera – 8 Mp, esasy kamera bolsa 50 we 2 Mp datçikleri aldy.
Akkumulýatoryň sygymy 5000 mA/sag bolup, zarýad beriş kuwwaty Galaxy S25 bilen deňdir – 25 Wt. Smartfon MediaTek Dimensity 6300 platformasyna esaslanýar, programma platformasy – One UI 7.0 interfeýsi bilen Android 15. Bellemeli ýeri, bu programma üpjünçiligini heniz hatda Galaxy S24 hatarynyň smartfonlary-da almady.
Samsung model üçin 4 ýyl goldawy wada berýär (bu howpsuzlyk we OS täzelenmeleri bolar).
Şeýle-de, smartfon barmak yzynyň gapdal skaneri, nauşnik birikdirmek üçin port we IP54 goragy bilen üpjün edildi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...