Amerikaly adam 8882 dürli kerpiç ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 20.02.2025 23:01
  • 9.9k+

ABŞ-nyň Oklahoma ştatynyň Talsa şäheriniň ýaşaýjysy 87 ýaşly Klem Reýnkemaýer täsin gyzyklanmasy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ol soňky 40 ýylyň dowamynda adaty bolmadyk hobbisi bilen meşgullandy – dünýäniň iň uly kerpiç kolleksiýasyny döretdi. Onuň ýygnan 8882 sany kerpijiniň her biri öz hekaýaty bilen tapawutlanýar. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Klem Reýnkemaýer öň inžener-matematik we gurluşykçy bolup işlän, häzirki wagtda bolsa pensiýada. Ol Amerikanyň dürli ştatlaryndan getiren kerpiçlerini ýörite ammarynda toplap, ştatlara görä tertipläp saklaýar.
Bir gün Klem şäherde ýok mahaly, onuň gyzy Seliýa we giýewisi Den Bisett dost-ýarlaryny üýşürip, ammardaky ähli kerpiçleri sanaýarlar. Soňra olar Ginnesiň rekordlar kitabyna arza tabşyryp, bu wakany Klem üçin ullakan sowgada öwürýärler.

«Şähere dolanyp gelenimde bu meniň üçin örän uly sýurpriz boldy. Şahadatnamany alanym üçin diýseň begenýärin.» — diýip, Klem gürrüň berdi.

Ýygnalan kerpiçler köçelerden, köne söwda merkezlerinden we hususy jaýlardan getirilipdir. Her bir kerpijiň özboluşly hekaýaty bar. Käbirleri bolsa has täsin. Mysal üçin, bir kerpijiň üstünde «Talsa» diýen ýazgy bar, ýöne onuň «S» harpy ters ýazylypdyr. Bu ýalňyşlyk ony beýlekilerden has-da aýratynlaşdyrýar.
Klemiň iň halaýan kerpiçleriniň biri hem Pentagonyň golaýyndaky köçeden alnan trotuar kerpijidir.

«Belki-de Pentagonyň aşagynda şuňa meňzeş kerpiçlerden heniz-de bardyr. Ýöne elimdäki nusga, meniň pikirimçe ýeke-täk.» — diýip, Klem aýtdy.

Klem diňe bir Amerikadan däl, eýsem başga ýurtlardan hem kerpiçler toplapdyr. Onuň kolleksiýasynda Germaniýadan, Gresiýadan, Irlandiýadan we Täze Zelandiýadan getirilen kerpiçler hem bar. Hatda onuň iň gadymy nusgalarynyň biri b.e. öňki 100-nji ýyla degişli rimli kerpiçdir.

«Kerpiçleriň meni özüne çekýän iň uly tarapy – olaryň adynyň bar bolmagy we taryhyny yzarlamaga mümkinçilik bermegi. Bu zatlar hemişe meni gyzyklandyrýar. Belki bu adaty däldir, emma men muny gowy görýärin.» — diýip, ol sözüni jemledi.


düýn 22:32
2.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....