Samsung Galaxy S25 Ultra bilen iPhone 16 Pro Max-yň çipleriniň tizligini deňeşdirip gördüler

  • 20.02.2025 13:47
  • 6.4k+

PhoneBuff Samsung Galaxy S25 Ultra-daky Qualcomm Snapdragon 8 Elite prosessoryny we iPhone 16 Pro Max-daky A18 Pro çipini öndürijilik synagyndan  geçirdi. Qualcomm-yň önümi 15 sekunt tapawut bilen has çalt bolup çykdy.

Bu görnetin ösüş, sebäbi iPhone birnäçe ýyl bäri şeýle synaglarda öňe saýlanyp gelýär. Samsung Galaxy S25 Ultra suraty redaktirlemek we oýun ýaly ýokary hasaplaýyş kuwwatyny talap edýän wezipeleriň hötdesinden gelmekde gowy netijeleri görkezýär.
Aýratynam täsir galdyrýan zat, S25 Ultra, hatda ýat tizliginiň haýaldygyna garamazdan, oýunlarda we wideony gaýtadan işlemekde-de iPhone 16 Pro Max-dan öňe geçdi.
Ýady dolandyryş synaglarynda 8 Gb ýady bolan iPhone aratapawudy az (1 sekunta ýetenok) hem  bolsa, Galaxy-ny 12 GB bilen ýeňdi.
Snapdragon 8 Elite çibi we kämilleşdirilen sowadyş ulgamy Samsung-a artykmaçlyk berýär, ýöne iki enjam hem gündelik ulanmak üçin ýeterlik derejede çakgan.
Qualcomm-yň gazanylan bilen kanagatlanmak niýetiniň ýokdugyny göz öňünde tutup, indiki A19 Pro çipsetiniň artykmaçlygyny dikeltjekdigini ýa-da ýokdugyny görmek gyzykly bolar.
Soňky ýyllarda çipsetleriň düýpli gowulaşandygyny, häzirki zaman smartfonlarynyň hemmesiniň diýen ýaly programmalaryň köpüsini hiç hili kynçylyksyz işledip biljekdigini we islendik nyrh kategoriýasynda diýen ýaly ajaýyp ulanyjy tejribesini hödürläp biljekdigini bellemelidiris. Şeýle-de bolsa, PhoneBuff ýaly dürli bençmarklaryň hakyky synaglarynda öz beýanyny tapýan çipsetleriň arasyndaky bäsdeşlik saklanyp galýar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....