Casio 3D siferblatly futuristik G-Shock GA-V01 sagadyny hödürledi

  • 20.02.2025 12:30
  • 2.7k+

Casio G-Shock GA-V01 sagatlarynyň täze tapgyryny hödürledi. Olar dört modeli öz içine alýar: GA-V01-1A (gara), GA-V01-2A (goýy gyrmyzy), GA-V01-8A (kümüşsöw) we GA-V01-9A (sarymtyl ýaşyl).

Aksessuarlary 3D siferblatly futuristik dizaýny we gaýry planetalynyň gözlerini ýada salýan LCD ekrany bilen tapawutlanýar. Modelleriň ululygy täsirli: ini 58,2 mm, galyňlygy 19,6 mm we agramy 74 gram.
Adaty bolmadyk görnüşine garamazdan, GA-V01 G-Shock-iň ähli adaty  artykmaçlyklaryny saklaýar: 10 ýyl işleýän batareýaly, zarba bildirmeýän berk, 200 m çuňluga çenli suwa çydamly we rezin sagatbagly. Şeýle hem olar goşa LED yşyklandyryş bilen enjamlaşdyrylan, dünýäniň 48 şäheriniň wagtyny görkezýär, 1/100 sekunda çenli takyk sekundomeri, taýmeri we bäş sany ukudan oýaryjy jaňy bar.
G-Shock GA-V01 tapgyry 21-nji fewraldan başlap Hytaýda elýeterli bolar.
GA-V01-1A-nyň, GA-V01-9A-nyň we GA-V01-2A-nyň bahasy 990 ýuan (~ 136 $), GA-V01-8A-nyňky bolsa 1090 ýuan (~ 150 $) töweregi bolar. Beýleki ýurtlarda goýberiljek senesi entek yglan edilmedi.

şu gün 17:35
44

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

şu gün 11:37
2.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

şu gün 11:26
1.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

şu gün 11:24
2.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......