2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek ýurtlar bilelikdäki komissiýany döreder

  • 20.02.2025 13:43
  • 6.4k+

Marokko, Ispaniýa we Portugaliýa 2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek üçin bilelikdäki komissiýany döreder. Onuň maksady dünýä derejesindäki ýaryşy guramaçylykly geçirmek üçin üç ýurduň tagallasyny birleşdirmek bolar diýip, Patyşalyk Marokko futbol federasiýasynyň (FRMF) beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Komissiýany döretmek baradaky ylalaşyk Sale şäherinde geçirilen FRMF-iň prezidenti Fauzi Lekžaa bilen Patyşalyk ispan futbol federasiýasynyň (RFEF) ýolbaşçysy Rafael Luzanyň arasyndaky duşuşykda gazanyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Lekžaa “Marokko bilen Ispaniýany birleşdirýän taryhy we medeni gatnaşyklary” belläp, “2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üstünlikli guralmagyny kepillendirmek üçin üç ýurt tarapyndan bilelikdäki komissiýany döretmegi çaltlaşdyrmagyň” zerurdygyny belledi. 
Luzan, öz gezeginde, “Marokkonyň ähli derejelerde futboly ösdürmek, aýratynam, infrastruktura döretmek ugrunda gazanan üstünliklerine” ýokary baha berdi.
Ýatlap geçsek, Halkara futbol federasiýasy 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlarynyň üç yklymdaky alty ýurtda geçirilmegini tassyklady. Ýaryşyň esasy hojaýynlary Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko boldy. Dünýä çempionatynyň ilkinji üç oýny Argentinada, Paragwaýda we Urugwaýda geçiriler. Dünýä birinjiliginiň oýunlary ilkinji gezek dürli yklymlarda geçer.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......