Huawei kompaniýasy Huawei Mate XT Ultimate smartfonynyň global wersiýasyny hödürledi

  • 19.02.2025 23:47
  • 2.3k+

18-nji fewralda Kuala-Lumpurda Huawei Consumer Business 2025 çäresi geçirildi we onda hytaý kompaniýasy dört sany täze gurluşyny hödürledi: üç eplenýän smartfon, planşet, nauşnik we fitnes-bilezik.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň esasy wakasy Huawei Mate XT Ultimate – dünýäde ilkinji üç eplenýän smartfon boldy. Bu smartfonyň geçen ýyl hytaý bazarynda çykmagy tehnologiýa dünýäsiniň iň esasy täzelikleriniň biri bolupdy.
Smartfon 10,2 dýuým diagonally ekrana eýe boldy hem-de çeýe aýna we hereket mehanizmi bilen üpjün edildi. Bu mehanizm we onuň esasy komponentleri örän berk polatdan ýasaldy. Açylan görnüşde smartfonyň galyňlygy 3,6 mm, ýapyk görnüşde 12,8 mm barabar.
Ýogynlygy bary-ýogy 1,9 mm bolan dünýäde iň inçe kremniý batareýasynyň sygymy 5600 mA/sag barabar. Ol 66 Wt çalt we 50 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar. Arka tarapynda kameraly blok ýerleşdirildi: 50 Mp esasy, 12 Mp ultra giňburçly we 12 Mp periskopik kamera. Frontal kamera – 8 Mp.
Ýewropada gajet 3499 ýewro baha bilen satylýar.
Huawei-niň Malaýziýada hödürlenen galan üç gurluşy barada TmCars aýratyn habarda maglumat berer.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...