YouTube köne Android wersiýalarynda goldawyny bes etdi

  • 19.02.2025 23:40
  • 2.9k+

YouTube wideo hyzmaty köne Android operasion ulgamynda işleýän mobil enjamlar üçin goldawyny bes etdi. Bu üýtgeşme, bir wagtlar meşhur bolan käbir Xiaomi smartfon modellerine hem täsir etdi.

Google-yň YouTube we YouTube Music hyzmatlaryny köne Android wersiýalary bilen utgaşdyrmagy bes etmek karary, has ösen we güýçli ulgamlara niýetlenen täze aýratynlyklaryň peýda bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Köne enjamlar üçin goldawdan ýüz öwürmek, döredijilere täze tehnologiýalary kämilleşdirmäge has köp üns bermäge mümkinçilik berer.
YouTube hyzmatlarynyň işlemegi bes etjek Xiaomi modelleriniň sanawyna Android 7.0 we Android 7.1 wersiýalary bilen işleýän enjamlar girýär. Olara şular degişli:

  • Xiaomi Mi 5
  • Xiaomi Mi 5s
  • Xiaomi Mi 5S Plus
  • Xiaomi Mi Max
  • Redmi 4, Redmi 4 Prime
  • Redmi 4X
  • Redmi Note 4
  • Redmi Note 4X
  • Redmi Note 5A
  • Redmi Y1
  • Redmi Note 5A Prime
  • Redmi Y1 Lite
  • Xiaomi Mi 6
  • Xiaomi Mi Max 2
  • Redmi 5A

Bu smartfonlaryň eýeleri YouTube mazmunlaryny NewPipe ýaly programmalar arkaly görmegi dowam etdirip bilerler, ýöne asyl hyzmatyň käbir aýratynlyklary elýeterli bolmaz.


20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

18.05.2026 09:36
1.4k+

YouTube Shorts wideolaryna smart-telewizorlarda 2 mlrd sagat tomaşa edildi

YouTube ulanyjylary her aýda telewizorlarda dikligine düşürilen gysga Shorts wideolaryna 2 milliard sagatdan gowrak wagt tomaşa edýär. Aslynda, şeýle format ilkibaşda smartfonlar üçin döredilipdi....

05.05.2026 15:24
968

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....