Samsung 19 ýyl bäri dünýäniň telewizor bazarynda agalygyny elden bermän gelýär

  • 19.02.2025 23:33
  • 2.9k+

Samsung dünýäniň iň iri telewizor öndürijisi bolmagyny dowam etdirýär. Omdia analitik kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda dünýäde satylan telewizorlaryň 28,3%-i Samsung-a degişli bolupdyr. Şeýlelikde, kompaniýa 19 ýyl bäri bazardaky öňdeligini elden bermän gelýär.

Günorta Koreýanyň tehnoägirdi bu üstünligini innowasion tehnologiýalaryny yzygiderli kämilleşdirmek arkaly gazanýar. Hususan-da emeli aň (EA) bilen enjamlaşdyrylan telewizorlaryň öndürilmegi kompaniýanyň bazardaky ornuny has-da berkidýär. Mundan başga-da Samsung ýokary derejeli (premium) telewizorlaryň hem-de örän uly ekranly modelleriň önümçiligine aýratyn üns berýär.
Gymmat bahaly (2500 dollardan ýokary) telewizorlar pudagynda Samsung-yň bazardaky paýy 49,6%-e deň. Örän uly ekranly, ýagny 75 dýuýmdan uly telewizorlaryň bazarynda bolsa kompaniýanyň paýy 28,7%-e ýetýär.
2024-nji ýylda kompaniýa 8,34 million sany QLED telewizor satdy. Şeýlelikde Samsung bu pudagyň 46,8%-ini eýelemegi başardy. Şeýlelikde, geçen ýyl satylan ähli telewizorlaryň 10%-i QLED tehnologiýasy bilen işleýän modeller boldy.
Şeýle hem Samsung 1,44 million sany OLED telewizor satdy. Bu bolsa kompaniýanyň degişli bazardaky paýyny 27,3%-e ýetirýär. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 42% köpelipdir.


22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.9k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......