Google Chrome ulanyjylaryň ygtybarsyz saýtlardan we wiruslardan goragyny güýçlendirdi

  • 19.02.2025 16:24
  • 1.8k+

Google Chrome-yň işläp düzüjiler topary brauzere Enhanced Protection emeli aň funksiýasyny goşdy. Bu funksiýa ulanyjylaryň howply saýtlardan, ýüklemelerden we giňeltmelerden goragyny üpjün edýär. Safe Browsing ulgamynyň bir bölegi bolan bu funskiýa Canary kanalynda üç aý synag edilenden soň ähli platformalarda elýeterli boldy. Ýöne ol işjeň ulanylan ýagdaýynda, girilýän saýtlar baradaky maglumatlar Google-a iberilýär.

Öň bu funksiýa Proactive Protection diýlip atlandyrylýardy, ýöne onuň täze ady brauzeriň howpsuzlyk ulgamyna emeli aňyň girizilendigini görkezýär. Häzirki wagtda EA-ly täze funksiýanyň EA bolmadyk öňki funksiýadan nähili tapawutlanýandygy belli däl. Ýöne Google-yň howply bolup biljek saýtlar barada öňünden duýdurmak üçin maşyn biliminiň algoritmlerini ulanýan bolmagy mümkin.
Kompaniýanyň beýanyna görä, häzirkizaman EA algoritmleri bilen üpjün edilen gorag ulgamy ýüklenýän faýllaryň çuňňur skanirlemesini geçirip, şübheli ýüklemeleri çalt ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, şeýle-de brauzeriň howpsuzlyk ulgamynyň takyklygyny we netijeliligini ýokarlandyrýar. EA bilen güýçlendirilen gorag ilkibaşda öçük bolup, ulanyjylar ony işjeňleşdirip biler: Windows, Android we iOS-da Google Chrome-yň “Setting ® Privacy and security ® Security” bölümine geçmeli.


17.06.2026 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......