Disney «Karib deňziniň garakçylarynyň» nobatdaky filmini düşürmäge taýýarlanýar

  • 19.02.2025 15:09
  • 2.7k+

«Karib deňziniň garakçylary» filmler seriýasynyň prodýuserleri täze bölümiň surata düşürilmegi üçin taýýarlyk işlerine başladylar. Bu barada «TheDisInsider» neşiri habar berýär.

Alnan maglumatlara görä, bu taslama Jonni Depp hem gatnaşar. Ol meşhur kapitan Jek Serçäniň keşbine gaýdyp geler.
Mundan öň Disney-iň prodýuserleri täze filmiň iki görnüşini göz öňünde tutýandyklaryny belläpdiler: biri Depp bilen, beýlekisi bolsa onsuz. Filmiň haýsy görnüşde surata düşüriljekdigi kompaniýanyň aktýor bilen ylalaşygyna bagly. Ember Herd bilen bolan kazyýet dawasyndan soň, Disney bilen Deppiň arasyndaky gatnaşygyň gowulaşyp-gowulaşmajakdygy belli däl.
Ýatladyp geçsek, «Karib deňziniň garakçylary» filminiň iň soňky bölümi 2017-nji ýylda çykypdy. Jonni Depp bilen baglanyşykly dawalar sebäpli, Disney onuň bilen hyzmatdaşlygyny bes edipdi. Aktýor bolsa kazyýet işi gutarandan soň, Disney-iň özüne bolan garaýşyna nägile bolup, franşiza gaýdyp gelmejekdigini aýdypdy.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....