“Mufasa: Şa Ýolbars” filmi onlaýn görmek üçin elýeterli boldy

  • 19.02.2025 15:03
  • 2.7k+

18-nji fewralda onlaýn kinoteatrlarda “Mufasa: Şa Ýolbars” (Муфаса: Король Лев) filmi çykdy. Ol Disney+, Apple TV+, Amazon Prime, Vudu ýaly platformalarda tomaşa etmek üçin elýeterlidir. Film prokata çykandan bäri iki aý geçdi.

“Mufasa: Şa Ýolbars” filmi “Şa Ýolbars” multfilminiň prikwelidir. Parasatly Rafiki Simbanyň gyzy Kiara atasy Mufasa barada gürrüň berýär, oňa Timon bilen Pumba hem goşulýar. Birwagtlar Mufasa öz sürüsinden aýra düşen ýalňyz ýolbarsdy. Bir gezek ol şa nesliniň mirasdüşeri Taka duşýar we olar bilelikde başdangeçirmeleriň gözlegine ugraýar.
“Mufasa: Şa Ýolbars” filminiň premýerasy 2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda boldy. Filmiň režissýory bolup “Oskar” baýragynyň eýesi Barri Jenkins çykyş etdi. Film IMDb portalynyň ulanyjylaryndan 10-dan 6,7 bal aldy.
Prokat döwründe film 650 mln dollar ýygnady. Bu 200 mln dollar býujeti we marketing üçin çykdajylary ödemek üçin ýeterlikdir.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....