Apple güýzde M5 çipli MacBook Pro noutbugyny hödürlär

  • 19.02.2025 14:56
  • 1.2k+

Apple kompaniýasy şu ýylyň güýzünde täze nesil Apple M5 çibi bilen MacBook Pro noutbugyny hödürlär, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda bolsa bu prosessor täzelenen iPad Pro planşetlerinde peýda bolar diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.

Ýatlap geçsek, Apple ilkinji gezek özüniň Apple M4 çibini 2024-nji ýylyň maý aýynda täzelenen iPad Pro-da hödürläpdi, soňra ol oktýabrda MacBook Pro-da peýda boldy. Ýöne bu gezek Apple tertibi üýtgetmek kararyna gelen bolsa gerek.
Gurmanyň aýtmagyna görä, täze M5 çipli MacBook Pro çykmazdan ozal, kompaniýa häzirki nesil M4 prosessory bilen täzelenen Mac Studio we Mac Pro kompýuterlerini çykarar. Täze gurluşlar iýun aýynda Apple-iň Bütindünýä işläp düzüjileriň konferensiýasynda (WWDC) görkezilip bilner.
M5 çipleriniň kämilleşdirilen ARM arhitekturasyny almagyna we TSMC-niň 3-nm tehnologiki prosesi arkaly öndürilmegine garaşylýar. Apple-iň M5 çibi üçin TSMC-niň has ösen 2-nm tehprosesini ulanmakdan ýüz öwürmegi çykdajylar bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, M5-iň ýokary öndürijilikli wersiýalary M4 bilen deňeşdirilende, aýratynam, TSMC-niň System on Integrated Chip (SoIC) tehnologiýasynyň ulanylmagynyň hasabyna uly kämilleşmelere eýe bolar.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...