Ýaponiýada “daş, gaýçy, kagyz” oýnap bilýän biogibrid el döredildi

  • 18.02.2025 21:18
  • 5k+

Tokio uniwersitetiniň we Waseda uniwersitetiniň alymlary predmetleri dolandyryp, çylşyrymly hereketleri, şol sanda “gaýçy” hereketini ýerine ýetirip bilýän biogibrid eli döretdi. Hereketi we güýji döretmek üçin bu tehnologiýa ýörite ösdürilip ýetişdirilen myşsa dokuma aktuatorlaryny (MuMuTA) ulanýar.

18 sm uzynlykdaky el 3D usulynda çap edilen plastik karkasdan we barmaklara aýratynlykda ýa-da bilelikde hereket etmäge mümkinçilik berýän myşsa dokumasyndan döredilen damarlardan ybarat. 
Esasy mesele şeýle uly gurluşy dolandyrmak üçin ýeterlik ýygrylma güýjüni döretmek boldy. Bu mesele biologiki myşsalaryň işine “öýkünýän” MuMuTA aktuatorlarynyň kömegi bilen çözüldi. Tehnologiýa gowy netijeleri görkezdi: el predmetleri tutup, bir ýerden başga ýere geçirip bilýär.
Ýöne biogibrid gurluşlarda myşsa dokumasynyň ulanylmagy käbir çäklendirmeleri ýüze çykarýar. 10 minut hereketden soň, robot el güýjüni ýitirýär, ýöne dynç alandan soň ýene dikelýär.
Şeýle-de, häzirki wagtda barmaklaryň akgynly hereketini üpjün etmek üçin el diňe suwuk gurşawda işleýär. Alymlar tarapyndan ýene bir çözülmeli mesele, barmaklary başlangyç ýagdaýyna getirmekdir. Häzir barmaklar öz ýüzüjiligi arkaly başlangyç ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Indi ylmy gözlegçiler bu meseläni barmaklaryň arka tarapyna maýyşgak material ýa-da goşmaça MuMuTA elementlerini goşmak arkaly çözmäge synanyşar.
Geljekde tehnologiýa ösen protezlerde we myşsa dokumalaryny öwrenmekde ulanylyp bilner.


şu gün 17:37
773

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......