Ferrari öz işgärlerine rekord bonus paýlaýar

  • 18.02.2025 21:01
  • 5.2k+

Ferrari kompaniýasy Italiýada öz işgärleri üçin ýyllyk bonusyň ýokarlandyrylandygyny habar berdi. 2025-nji ýylda 5000 işçiniň her biri kompaniýanyň üstünliklerine goşan goşandy üçin baýrak hökmünde 14 400 ýewro alar.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, töleg mukdary 900 ýewro artdyryldy, 2024-nji ýylda bonus 13 500 ýewro bolupdy. Italiýada 14 400 ýewro bazarda iň meşhur we elýeterli krossowerleriň biri bolan FIAT Panda-ny satyn alyp bolýar.
Italýan awtomobil öndürijisi şu ýyl girdejiniň we düşewündiň 2024-nji ýylda maksatly görkezijilere ýetilenden soň, azyndan 5% ýokarlanmagyna garaşýar. Geçen ýyl Ferrari-niň arassa girdejisi 21% ýokarlanyp, 1,52 mlrd ýewro ýetdi. Bu bolsa analitikleriň 1,46 mlrd ýewro çaklamasyndan ýokarydyr. Kompaniýanyň girdejisi bolsa 11,8%, 6,67 mlrd ýewro çenli ýokarlandy (6,55 mlrd ýewro maksatly görkezijiden ýokary).
Bonuslar bilen höweslendiriş ulgamy maranelloly awtoöndüriji üçin däbe öwrüldi. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy brendiň ýokary görkezijileri üçin işgärlerini yzygiderli sylaglaýar we olar bilen girdejini paýlaşýar.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......