Genri Kawill Longinesiň ýüzi boldy: "Hil söze mätäç däl"

  • 18.02.2025 18:26
  • 3.9k+

Longines “Polat adam”, “Adalat ligasy” filmlerindäki we “Wedmak” teleserialyndaky keşpleri bilen tanalýan iňlis aktýory Genri Kawili brendiň täze ilçisi hökmünde tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň baş direktory Mattias Breşan Kawiliň brendiň gymmatlyklaryny – açyk göwünliligini, inçeligini we häzirki zamanyň nepislik ruhuny hakykatdanam  özünde jemleýändigini aýtdy.

“Longines-de meni özüne çekýän zat, onuň salykatlylygydyr. Hakyky hil mahabata mätäç däl. Ol her bölejiginde we her bir hereketinde aýdyň görünýär. Bu meniň öz gymmatlyklarym bilen çuňňur sazlaşyp gidýän takyk ussatlygyň we çeperçiligiň nesilme-nesil berkän pelsepesidir "- diýip, Kawill resmi beýanatynda belledi.

1832-nji ýylda döredilen Longines takyklygy, nepisligi we täzeçilligi birleşdirýän sagatlary bilen meşhurdyr.
Kawil bilen baglaşylan şertnama brendiň kino we sport dünýäsiniň görnükli şahsyýetleri bilen hyzmatdaşlyk etmek däbini dowam etdirýär.

05.06.2026 13:07
3.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....