Chevrolet NASCAR ýaryşy üçin 1300 at güýji bolan Blazer EV.R elektrik ulagyny görkezdi

  • 18.02.2025 17:34
  • 2.6k+

Chevrolet NASCAR ýaryşy üçin niýetlenen elektrik prototip bolan Blazer EV.R -i hödürledi.

Daşyndan model seriýalaýyn çykarylýan Blazer-e meňzeýär, ýöne agressiw aerodinamiki obwes, iki gapyly korpus we howpsuzlyk karkasyny aldy. Kapotynyň aşagynda 1300 at güýjüni öndürýän üç sany alty fazaly elektrik hereketlendirijisi bar diýip, Top Gear habar berýär.
Blazer EV.R NASCAR Next-Gen şassisiniň esasynda gurlan, ýöne ähli tigirleriniň hereketlidigi we çekiş wektoryna gözegçilik ulgamy bilen tapawutlanýar. Elektrik hereketlendirijileri minutda 15 000 aýlaw edýär we 78 kilowatlyk suwuk sowadyjyly  batareýa bilen işleýär. Dinamiki häsiýetnamasy entek aýdylmady.
Chevrolet Blazer EV.R-y, ulanyljak ýerleriniň meýilnamasyny görkezmezden, täze tehnologiýalar üçin synag platformasy diýip atlandyrýar.
EV.R-iň trekiň prototipi bolup galýandygyna garamazdan, Chevrolet öz  müşderilerini hem ýatdan çykarmady. Ýakyn wagtda Blazer EV SS-iň iň güýçli önümçilik wersiýasy satuwa çykarylar.
Onuň 615 at güýji bolar, tizligi 3,4 sekuntda 100 km / sag-a ýetip biler, bir zarýadda 488 km aralygy geçer. Modeliň bahasy logistika çykdajylaryny hem öz içine almak bilen, 62,490 dollardyr.


17.06.2026 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......