Galaxy S25 Ultra bilen iPhone 16 Pro Max-yň çydamlylygyny barlamak üçin betona zyňyp gördüler

  • 18.02.2025 17:28
  • 11k+

PhoneBuff toparynyň blogerleri robotlaşdyrylan eli ulanyp, Samsung Galaxy S25 Ultra-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň çydamlylygyny barladylar. Smartfonlar şol bir beýiklikden betonyň we poladyň üstüne birnäçe gezek zyňyldy.

Birinji gezek arkalygyna düşende, Apple kompaniýasynyň flagmanynyň aýnasy çat açyp, çyzyklar bilen örtüldi we kamerasynyň moduly zaýalandy. Onuň günorta koreýaly bäsdeşine o diýen güýçli zeper ýetmedi.
Çüňküne düşende iki enjam hem diňe sypjyryldy, ýöne urgynyň netijesinde Samsungyň aşagyndan uçgun çykdy.
Ekranyň ýüzi aşak bolup düşende güýçli zyýan ýetdi. Iki enjamyň hem gorag aýnasy döwüldi, ýöne iPhone has uly zyýan çekdi.
Enjamlaryň polat plitanyň üstüne on gezek taşlanan bonus tapgyrynda Galaxy S25 Ultra-nyň arka paneli çat açdy, ýöne iPhone ýene has erbet ýagdaýa düşdi.
Synagyň netijesi boýunça iki smartfona hem ep-esli zyýan ýetendigine garamazdan, Galaxy S25 Ultra has çydamly bolup çykdy.


12.05.2026 14:43
6.5k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......