Curiosity roweri Marsda adaty bolmadyk hadysany - köp reňkli mezosfera bulutlaryny surata aldy

  • 18.02.2025 17:09
  • 2.7k+

Curiosity mars roweri Marsda seýrek atmosfera hadysasyny, ýagny doňan kömürturşy gazynyň kümüşsöw bulutlaryny surata aldy. 2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda NASA-nyň Geýla kraterinde ýerleşýän apparaty Mastcam kamerasyny ulanyp, Gün ýaşandan soň, asmany yzygider surata aldy.

Mars roweri Gün ýaşandan soň 16 minutyň dowamynda asmanyň şekillerini yzly-yzyna surata aldy, soňra ol suratlar animasiýa yzygiderliliginde düzüldi. Indi alymlar bu bulutlaryň gelip çykyşyny we Gyzyl planetanyň howasyna täsirini öwrenýärler.
Bulutlar 60–80 km belentlikde ýerleşýär we kömürturşy gazynyň kristallaryndan durýar. Olar Marsyň üstüne ýakynlaşanlarynda bugarýarlar. Takmynan 50 km belentlikde ýüze çykarylan suw bulutlary ters tarapa hereket edýär. Şeýle hadysalar Ýer ýüzünde kümüşsöw bulutlar hökmünde bellidir, ýöne Marsda olar doňan CO₂-den durýar.
Alymlar olaryň älemgoşaryň reňklerinde ýalpyldamak ukybynyň bardygyny  bellediler. Bu bulutlardaky bölejikleriň birmeňzeş ululykdalygy bilen düşündirilýär. Boulderdäki kosmos barlaglary institutyndan Mark Lemmon şeýle bulutlaryň peýda bolmagy bilen pasyllary çaklap boljakdygyna ynanýar.
Ýekeje zat düşnüksiz bolup galýar, näme üçin bu bulutlar diňe günorta ýarym şarda görünýärkä? Bir çaklama olaryň emele gelşini Marsyň atmosferasyndaky dartyş güýjüniň tolkunlary bilen baglanyşdyrýar.
Bu bulutlaryň emele gelşine we ewolýusiýasyna has gowy düşünmek üçin goşmaça maglumatlar zerurdyr.


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...