Günde güýçli alawlama hasaba alyndy

  • 18.02.2025 17:03
  • 3k+

Duşenbe güni, 17-nji fewralda Günde M derejeli güýçli alawlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.

16 minut dowam eden M1.1 alawlamasy Aşgabat wagty bilen 20:13-de 3992 tegmiller toparynda (S05W75) hasaba alyndy.
Gün alawlamalary rentgen şöhlelenmesiniň güýjüne esaslanyp bäş synpa bölünýär: A, B, C, M we X. Iň pes A0.0 alawlamasy Ýeriň orbitasynda 1 inedördül metrde 10 nWt şöhlelenme güýjüne barabardyr. Indiki harpa geçen ýagdaýynda bu güýç 10 esse ulalýar.
Belli bolşy ýaly, alawlamalar Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen bolup geçýär, onuň bulutlary Ýere ýeten ýagdaýynda magnit tupanlaryny döredip bilýär.


21.03.2026 11:26
5.2k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.5k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.4k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.5k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...