Spilberg bilen Kolambus 1985-nji ýylda çykan "Pekgeler" filminiň dowamyny taýýarlaýarlar

  • 18.02.2025 15:11
  • 3.1k+

Warner Bros. 1985-nji ýylda çykan “Pekgeler” kult başdan geçirme komediýasynyň dowamynyň çykjakdygyny bildiriş etdi. Bu barada Hollywood Reporter ýazýar.

Taslama filmiň asyl nusgasynyň üstünde işlän Stiwen Spilberg bilen Kris Kolambus prodýuserlik edýär. Birinji bölümiň režissýory Riçard Donneriň dul aýaly Loren Şuler Donner filmiň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar.
Edebi esasyny "Garry Genri" westerniniň awtory Potsi Ponçiroli ýazar. Režissýoryň ady, aktýorlar düzümi we filmiň surata düşürilip başlanjak senesi entek belli däl.
1985-nji ýylda düşürilen film garakçylaryň hazynasyny gözleýän oregonly ýetginjekler barada gürrüň berýärdi. Film kult klassikasyna öwrüldi we 19 million dollarlyk býujet bilen 125 million dollar gazandy. Janköýerler dowamyna köp wagtlap garaşdylar we Warner Bros. onuň garaşanyňa degjek film boljakdygyny  wada berýär.
Asyl filmde Joş Brolin, Şon Astin, Ke Hýui Kwan, Kori Feldman we Marta Plimpton dagy oýnadylar.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....