«Betmen 2» golaýlaýar: Gotem şäheriniň garaňky hekaýatynyň dowamy haçan çykar?

  • 17.02.2025 16:50
  • 4.6k+

«Betmeniň» baş gahrymany Robert Pattinson filmiň dowamynyň surata düşürilişiniň haçan başlajakdygyny aýtdy. Muşdaklar garaňky Gotem şäherine 2027-nji ýylda gaýdyp gelerler.

Surata düşürmek işleriniň başlajak senesi barada «Deadline» neşiriniň beren soragyna: «Biz entek başlamadyk. Ýylyň ahyrynda.» — diýip, aktýor jogap berdi.
DC we Warner Bros. studiýalarynyň filminiň ilkinji bölümi 2022-nji ýylda çykdy we dünýä boýunça prokatlarda 772 million dollar girdeji gazandy. Esasan-da Golliwuddaky iş taşlaýyşlar sebäpli, filmiň dowamynyň önümçiligi birnäçe gezek yza süýşürildi. Geçen ýyl şol döwürlerde baş keşbinde Kolin Farrell çykyş edýän «Pingwin» atly köp bölümli spin-off serial çykypdy.
«Betmen 2» filminiň režissýory ýene-de Mett Riwz bolar. Kolin Farrell, Zoi Krawis we Endi Serkis hem öz keşplerine gaýdyp gelerler.
Filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 1-nji oktýabryna meýilleşdirilýär.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....