Apple “kitap” dizaýnly goşa ekranly eplenýän iPhone-ny synagdan geçirýär

  • 17.02.2025 16:22
  • 4.2k+

Apple “kitapça” görnüşinde ýasalan eplenýän iPhone-y synagdan geçirýär. Digital Chat Station insaýderiniň maglumatlaryna görä, gürrüň iki displeýli prototip hakda gidýär.

Maglumatlara görä, enjamyň daşky ekranynyň diagonaly 5,49 dýuým, açylanda bolsa ulanyjy 7,74 dýuýmlyk ekrana girip biler. Takyk häsiýetnamalary entek açylmady, bu synagyň başlangyç tapgyrdadygyny aňladýar.
Apple iPad we MacBook ýaly birnäçe eplenýän enjamy gözden  geçirýär. Şeýle-de bolsa, ekranyň epinleriniň görünmegi esasy mesele bolup galýar, bu bolsa kompaniýanyň ýokary standartlaryna ters gelýär. Eger bu kemçiligi düzetmek başartmasa, eplenýän iPhone-yň çykmaly wagty gijikdirilip bilner.
Başga bir prototip - 12 dýuým ekranly we goşa kameraly smartfon hem göz öňünde tutulýar. Emma telefon üçin şeýle gabara gaty uly bolup görünýär. “Kitapça” formaty has amatly we funksional ýaly görünýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...