“Anora” we “Sýogun” ABŞ-nyň Ssenariçiler gildiýasynyň baş baýraklaryny aldy

  • 17.02.2025 16:19
  • 2.5k+

ABŞ-nyň Ssenariçiler gildiýasy 2024-nji ýylyň jemi boýunça baýragyň laureatlaryny yglan etdi. Esasy nominasiýalarda baýraklara “Anora” filmi we “Sýogun” serialy mynasyp boldy diýip, Deadline ýazýar.

Şon Beýkeriň “Anora” filmi iň gowy original ssenariý üçin baýrak aldy. Mundan öň bu film ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň we Prodýuserler gildiýasynyň baş baýraklaryny alypdy. Kartina alty “Oskara”, şol sanda iň gowy film üçin baýraga-da dalaş edýär.
“Nikeliň” oglanlary” (Мальчишки из  “Никеля”) (RaMell Rossuň we Joslin Barnsyň ssenarileri) iň gowy adaptirlenen ssenariý kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Taslama 2 “Oskara”, şol sanda baş kategoriýada baýraga dalaş edýär.
Iň gowy dokumental ssenariý üçin baýragy “Jim Henson: Adam – pikir” (Джим Хенсон: Человек-идея) lentasy aldy. Ol “Mappet-şouwdan” (Маппет-шоу) we “Sezam köçelerinden” (Улицы Сезам) gurjaklary döredijä bagyşlanýar.
Köp bölümli taryhy epos “Sýogun” seriallaryň arasynda iň köp baýrak alan boldy: ol iň gowy drama serialy, iň gowy täze serial we iň gowy epizod üçin üç baýraga mynasyp boldy.
“Hileler” (Хитрости) komediýasy 2 baýrak aldy: iň gowy komediýa serialy we epizod.
Kolin Farreliň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Pingwin” (“Betmeniň” spin-offy) iň gowy mini-serial boldy.
Şeýle-de, Gildiýa 16-njy ýanwarda aradan çykan belli režissýor Dewid Linçi hatyralady. Baýrak oňa ölmezinden birnäçe hepde öň berildi.
Ýene bir ýörite baýragy – TW-de gazanan ssenariý üstünlikleri üçin Lawr baýragyny “Garadangaýtmaz” (Во все тяжкие) we “Gowusy, Sola jaň ediň” (Лучше звоните Солу) seriallarynyň awtory Wins Gilligan aldy.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....