Taryhda ilkinji gezek kosmodrom şäher bolmaga dalaş edýär: gürrüň SpaceX-iň Starbase-i barada gidýär

  • 17.02.2025 15:23
  • 4.3k+

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasyna degişli bolan Starbase kosmodromy Tehasda şäher adyny alyp biler. Kemeron okrugynyň kazysy degişli çözgüt kabul etmek üçin kompaniýanyň işgärleri tarapyndan berlen saýlaw geçirmek baradaky haýyşy tassyklady.

Eger teklip edilýän şäher zolagyndaky saýlawçylar 3-nji maýdaky saýlawlarda bu pikiri goldasalar, kosmos kompaniýasynyň ştab-kwartirasy 200-den 5000-e çenli ýaşaýjysy bolan ilat nokady hökmünde kesgitlenýän C görnüşli munisipalitet bolar. Bu ýagdaýda şäheri häkim we iki komissar dolandyrar. Häzirki wagtda häkim wezipesine diňe bir dalaşgäriň bardygy belli – SpaceX-iň howpsuzlyk menejeri Gunnar Milbern.
Saýlawlary geçirmek üçin haýyş mümkin bolan ýaşaýjylaryň azyndan 10%-iniň goluny ýygnamalydy, şäheri döretmek üçin bolsa has köp ses talap edilýär. Deslapky ses berişlik aprel aýynyň ahyrynda başlanar.
Kazy Starbase-iň 1995-nji ýyldan bäri Kemeron okrugynda ilkinji täze şäher boljakdygyny belledi.
Ilon Mask Starbase bazasyny adamlary Aýa we Marsa ibermek üçin ulanmagy meýilleşdirýär, bu ýerde koloniýa döretmegi hem göz öňünde tutýar.


şu gün 11:18
455

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......