Leý Szýun Xiaomi 15 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi: ilkinji surat

  • 17.02.2025 14:38
  • 4.4k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun geljekki Xiaomi 15 Ultra flagmanynyň kamerasynda alnan ilkinji suraty hödürledi. Bu smartfon Samsung Galaxy S25 Ultra we iPhone 16 Pro Max bilen bäsleşip biler.

Surat 200 Mp sensorly periskopik modulyň ulanylmagy bilen düşürildi. Şeýle datçigiň bolmagy Digital Chat Station insaýderiniň öňki maglumatlaryna laýyk gelýär. Xiaomi 15 Ultra-nyň 4,3x optiki zumy üpjün edýän 100 mm fokus aralygy bolan we F/2,6 diafragmaly obýektiwe eýe bolmagyna garaşylýar.
Xiaomi 15 Ultra Hytaýda eýýäm deslapky sargyt üçin elýeterli. Onuň resmi premýerasynyň aýyň ahyrynda bolmagyna garaşylýar.
Smartfon SoC Qualcomm Snapdragon 8 Elite, 16 GB operatiw ýat we 512 GB fleş-ýat bilen enjamlaşdyrylar. Akkumulýator 6000 mA/sag sygymly bolup, 90 Wt simli we 50 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.


22.02.2026 01:33
3.7k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...