«Garpamyk» filminiň täze tizer-treýleri çykdy

  • 17.02.2025 11:00
  • 4.8k+

Disney «Garpamyk» filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Film 21-nji martda kinoteatrlarda görkezilip başlanar.

Bu film 1937-nji ýylda çykan «Garpamyk we ýedi girdenek» atly klassiki multfilmiň remeýki (täzeden işlenen görnüşi) bolar. Ol doganlar Grimmleriň meşhur ertekisine esaslanýar. Filmde wakalar elbetde, gözel şa gyzy Garpamyk barada gidýär. Onuň gözelligi, gara ýürekli öweý enesi Şa zenanyň gabanjyna sebäp bolýar. Şa zenany ony ýigrenýär we oňa garşy ýamanlyk etmäge synanyşýar.
Asyl nusgasyndan tapawutlylykda, Garpamyk bu filmde has erkin we öz ykbalyny özi kesgitleýän gahryman hökmünde görkeziler.

«Biz indi 1937-nji ýylda däl. Şazada tarapyndan halas edilmäge mätäç bolmaz ýaly, Garpamygy bilkastlaýyn [şu döwre laýyk] şekillendirdik. Ol indi hakyky söýginiň arzuwynda däl-de, kakasynyň görşi ýaly hakyky baştutan bolmak isleýär: batyr, adalatly we hakykata wepaly.» ― diýip, baş keşbi ýerine ýetiren aktrisa Reýçel Zegler aýtdy.

Filmde Garpamygyň öweý enesi Şa zenanyň keşbini meşhur aktrisa Gal Gadot ýerine ýetirýär. Şazada Jonatanyň keşbinde bolsa Endrýu Bernap çykyş edýär.
Filmiň režissýory hökmünde Mark Uebb çykyş edýär. Ssenariýesini Erin Kressida Wilson we Greta Gerwig bilelikde ýazdy.
Täze «Garpamyk» filminiň ilkinji tizer-treýleri 2024-nji ýylyň awgust aýynda çykypdy we tomaşaçylaryň uly tankydyna sezewar bolupdy. Tizer-treýler laýka garanyňda «15 esse köp dizlaýk» alypdy. Ulanyjylaryň köpüsi filmde aşa köp kompýuter grafikasynyň (CGI) ulanylmagyna närazy boldular. Şeýle-de baş keşp üçin latinoamerikan aktrisanyň saýlanylmagy we Garpamygyň häsiýetine başgaça çemeleşilmegi tomaşaçylara ýaramady.


şu gün 11:08
200

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....