Meta dünýäde iň uzyn suwasty kabelini geçirer: taslama 5 yklymy birleşdirer

  • 17.02.2025 07:44
  • 4.3k+

Meta giň gerimli Project Waterworth taslamasynyň üstünde işläp başlandygyny resmi taýdan habar berdi – kompaniýa 50 000 km uzynlykdaky suwasty kabelini geçirer. Ol dünýäde iň uzyn kabel bolup, global sanly aragatnaşygy ösdürer. Taslamanyň bahasy 10 mlrd dollardan geçer diýip, TechCrunch habar berýär.

Kabel bäş yklymy, şol sanda ABŞ-ny, Braziliýany, Hindistany, Günorta Afrikany we beýleki sebitleri birleşdirer. Taslama, aýratynam, Hindistan üçin möhüm hasaplanýar, sebäbi ol emeli aňyň ösüşini tizleşdirip, sanly infrastrukturany gowulandyrar. Bu geljekki hyzmatlar üçin örän wajypdyr.
Meta 24 jübüt optiki-süýümli kabeli ulanmagy we ony 7 000 metre çenli çuňlukda geçirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýa “geografik we syýasy faktorlar sebäpli zeper ýetmek ähtimallygyny azaltmak üçin” ýokary töwekgelçilikli sebitlerde geçirmegiň täze usullaryny ulanar.
Taslama ABŞ-nyň we Hindistanyň häkimiýetleri tarapyndan goldanýar.
Meta-nyň inženerlik boýunça wise-prezidenti Gaýa Nagarajan we global ulgam maýa goýumlarynyň ýolbaşçysy Aleks-Handra Eme bu kabeliň geçirijilik ukyby ýokary bolan üç sany täze umman ýoluny döretjekdigini belledi. Olar emeli aňyň dünýä derejesinde ösüşini üpjün eder.
Meta eýýäm 16 kabel taslamasyna gatnaşýar, ýöne Project Waterworth doly özüne degişli bolan ilkinji ulgam bolar. Şeýlelikde, kompaniýa kuwwaty kärendesine almagy makul bilýän Amazon we Microsoft kompaniýalaryndan tapawutlylykda, Google-yň ýörelgesine eýerer.


19.06.2026 19:38
563

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......