PlayStation 5-iň satuwlary 75 milliondan geçdi, PSN-iň ulanyjy sany 129 milliona ýetdi

  • 17.02.2025 00:00
  • 2.4k+

Sony kompaniýasy 2024-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginde (31-nji dekabrda tamamlanan döwür) satuwlaryň ep-esli ýokarlandygyny habar berdi. Şol sebäpden kompaniýa geljekdäki ýyllyk peýdasy we girdejisi baradaky çaklamalaryny has hem ýokarlandyrdy. Sony ähli esasy görkezijiler boýunça öňünden çaklanan netijelerden has ýokary derejelere ýetdi diýip, CNBC neşiri habar berýär.

Geçen çärýekde Sony-nyň umumy girdejisi 4,41 trillion ýapon ýenasyna (28,61 milliard dollara) barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18% ýokarydyr. Analitikler girdejiniň 3,77 trillion ýena (24,64 milliard dollara) barabar boljakdygyny çaklapdylar. Operasion girdeji bolsa 1% ýokarlanyp, 469,30 milliard ýena (3,04 milliard dollara) ýetdi. Bu hem analitikleriň çaklamasy bolan 404,21 milliard ýenadan (2,62 milliard dollardan) has ýokary boldy.
Sony-nyň oýun we tor hyzmatlary bölüminiň satuwy üçünji çärýekde 16% ýokarlanyp, 237 milliard ýena (1,54 milliard dollara) ýetdi. Bu ösüşe esasan konsollaryň we beýleki platformalar üçin niýetlenen oýunlaryň hem-de goşmaça mazmunlaryň satuwynyň artmagy sebäp boldy. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýa soňky nesil PlayStation 5 konsollarynyň jemi 75 million nusgasyny satdy. Ýatlatsak, kompaniýa geçen ýyl PlayStation 5 Pro modelini hödürläpdi. Bu model 2020-nji ýylda çykarylan asyl PS5-iň has kämilleşdirilen görnüşidir.
31-nji dekabr ýagdaýyna görä, PlayStation Network (PSN) platformasynyň aýlyk işjeň ulanyjy sany 129 milliona ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 million köpdür. Geçen çärýekde Sony PS4 we PS5 üçin niýetlenen jemi 95,9 million sany oýun satdy. Bu hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,2 million köpdür. Satuwlaryň 74%-i oýunlaryň doly wersiýalarynyň sanly usul arkaly ýüklenip alynmagy bilen amala aşyryldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3% azdyr.


09.08.2024 23:10
4.7k+

Sony 61,7 mln sany PlayStation 5 satdy, emma isleg peselýär

Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň çykarylyp başlany bäri 61,7 million konsolynyň satylandygyny mälim etdi. Soňky çärýekde Ýapon kompaniýasy 2,4 million enjam satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende...

20.05.2024 12:21
3.1k+

PlayStation 5-iň satuwy Xbox Series-den bäş esse ýokary: ara barha açylýar

Sony kompaniýasy oýun konsoly bazarynda PlayStation 5-iň ornuny berkitmegi dowam etdirýär. Geçen çärýekde PS5-iň satuwy Xbox Series X bilen S-iň bilelikdäki satuwyndan bäş esse ýokarydy. Ýagny, satylan her 1 sany...

02.02.2024 19:27
6.7k+

Sony operasion girdejisi boýunça soňky 24 ýylda ilkinji gezek Samsung-dan öňe geçdi

Häzirki wagtda kompaniýalaryň köpüsi öz maliýe hasabatlaryny hödürleýärler. Şolaryň arasynda öz operasion girdejisi bilen haýran galdyran Sony Group hem bar. Mysal üçin, geçen çärýegiň jemi boýunça kompaniýanyň...

01.10.2023 08:35
8.2k+

Jim Raýan 2024-nji ýylyň mart aýynda Sony-dan gidýär

Sony Interactive Entertainment-iň baş müdiri Jim Raýan geljek ýylyň mart aýynda işden gidýändigini mälim etdi. SIE-niň häzirki başlygy ýapon konglomeratynyň golçur kompaniýasyna 1994-nji ýylda goşulypdy. Bu barada habr...