Apple-yň täze tanyşdyrylyşynyň senesi yglan edildi: bu belki-de täze iPhone SE bolar

  • 16.02.2025 23:25
  • 2.8k+

Apple kompaniýasynyň baş müdiri Tim Kuk 13-nji fewralda X sosial torunda syrly tizer paýlaşyp, tiz wagtda boljak täze tanyşdyrylşy tassyklady diýip, «MacRumors» portaly ýazýar.

«Maşgalamyzyň täze agzasy bilen tanyşmaga taýyn boluň» diýip, Tim Kuk ýazdy. Ol 19-njy fewralda Apple-yň täze önümlerini hödürlejekdigini mälim etdi. Kukuň paýlaşan ýazgysynda kümüş reňkde şöhle saçýan Apple-yň nyşany görnüp duran gysga wideorolik hem bardy.

Çaklamalara görä, 19-njy fewralda Apple arzan bahaly täze iPhone SE modelini tanyşdyrar. Resmi bolmadyk maglumatlara görä, täze iPhone SE daşky görnüşi boýunça iPhone 14-e meňzär. Smartfon 6,06 dýuýmlyk OLED ekran bilen enjamlaşdyrylar. Ekranyň durulygy Full HD+, täzeleniş ýygylygy bolsa 60 Gz bolar. Şeýle hem öň tarapda uly kamera kesigi we Face ID tehnologiýasy ýerleşdiriler.
Syzdyrylan maglumatlar täze iPhone SE-niň diňe bir sany arka kamerasynyň boljakdygyny görkezýär. Bahasy babatda hem käbir maglumatlar bar. Gürrüňlere görä, täze iPhone SE-niň bölekleýin satuw bahasy 499 dollar bolar. Bu bolsa 2022-nji ýylda çykarylan öňki modelden 70 dollar gymmatdyr.
Apple bu tanyşdyrylyşda başga-da täze önümleri hödürläp biler. Ýakynda çykan gürrüňlere görä, M4 çipli MacBook Air, M3 prosessory bilen işleýän täze iPad Air hem-de 11-nji nesil iPad hem tanyşdyrylyp bilner.
Käbir ulanyjylar Tim Kukuň paýlaşan tizerinde täze AirPods barada yşaratyň bardygyny hem aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, iň ähtimal täzelik 4-nji nesil iPhone SE bolmaly diýlip garaşylýar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...