Samsung Galaxy S25 Ultra-ny söküp, bejermek üçin ýaramlylygyny barlap gördüler

  • 16.02.2025 22:58
  • 4.9k+

iFixit saýtynyň awtorlary Samsung Galaxy S25 Ultra-ny söküp, onuň bejeriş işlerine ýaramlylygyna baha berdi.

Prosesiň netijesinde flagman 10-dan 5 bal aldy. Baha deslapky bolsa-da, ol soňky 10 ýylda Samsung-yň köp flagmanlaryndan has gowy hasaplanýar. Ýöne ol şonda-da, 7 bal alan täze iPhone smartfonlaryndan pesdir.
Awtorlar akkumulýatory aňsat çykarmaga mümkinçilik berýän ýörite lentalaryň bolmagyna ýokary baha berdi. Şol bir wagtyň özünde, S25 Ultra-nyň displeýini aýyrmak o diýen aňsat iş däl. Ýöne bellemeli ýeri, displeýiň aşagynda hiç zat ýok, şol sebäpli ony diňe zeper ýeten ýagdaýynda aýyrmak bolar.
Kameralaryň köpüsi modul bolup, olary çalyşmak aňsat. Arka tarapdaky dört modul nurbatlar bilen berkidilýär we zerur bolan ýagdaýynda olary aňsatlyk bilen aýryp bolýar. Ýöne selfi kamerasy epoksid şepbigi bilen ýelimlenen.
Awtorlar S Pen stilusyna hem üns berdi. Onuň içi öňki nesil stilusy bilen meňzeş. Hatda Bluetooth çibi üçin ýer hem bar, ýöne çibiň özi ýok. Sebäbi kompaniýa S24 Ultra eýeleriniň diňe 1%-iniň degişli funksiýadan peýdalanandygy üçin, täze stilusda bu aýratynlygy aýyrmak kararyna geldi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...