Biz haçan ruhubelent? Ylmy barlag günüň wagty bilen şähdiň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy

  • 16.02.2025 22:54
  • 2.5k+

Adamlar haýsy şertlerde ruhubelent ýagdaýda bolýar we näme üçin kähalatlar olar sebäpsiz ýere göwnüçökgün hala düşýärler. Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri günüň wagty, hepdäniň günleri we pasyllar ýaly faktorlaryň biziň mental ýagdaýymyza täsir edýändigini ýa-da däldini anyklamak üçin ylmy barlag geçirdi diýip, The Guardian ýazýar.

Ylmy barlagda 2020-nji ýylyň mart aýyndan 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli ýygnalan maglumatlar ulanyldy. 50 müň uly ýaşly adamdan pikir soraşmanyň netijesinde alnan tas 1 mln jogap seljerildi. Soraga gatnaşyjylar saýlananda olaryň ýaşy, saglyk ýagdaýy we iş ýagdaýy göz öňünde tutuldy.
Gatnaşyjylar, mysal üçin, şeýle soraglara jogap berdi: “Geçen hepde özüňizi näderejede ruhubelent duýduňyz?”, “Siz öz durmuşyňyzdan näderejede kanagatlandyňyz?”, “Durmuşda nämedir bir degerli zat edýändigiňizi näderejede duýduňyz?”.
Netijeler ýekşenbä garanda duşenbe we anna günleri göwnaçyklyk, durmuşdan kanagatlanma we öz ähmiýetliligiňi duýmak derejesiniň ýokary bolandygyny görkezdi. Ýokary derejede şähdaçylyk, adatça, irden, iň erbedi bolsa – ýekşenbe günleri ýa-da ýarygije töweregi bolýan eken.
Şeýle-de, ylmy gözleg möwsümiň täsirini anyklady. Adatça, gyşda adamlarda depressiýa we howsala alamatlary az, ýalňyzlyk duýgusynyň derejesi-de pes bolýar. Tomusda bolsa psihiki saglyk, adatça, iň ýokary derejesinde bolýar.
Bellemeli ýeri, bu ylmy barlag diňe synçylyk görnüşinde boldy. Uky ýagdaýy we howa ýaly faktorlar göz öňünde tutulmady, ylmy gözlegçiler gatnaşyjylaryň anketany haýsy günde doldurandygyna hem gözegçilik etmedi. Şeýle-de bolsa, alymlar günüň dowamynda psihiki saglygyň we özüňi duýşuň üýtgemeginiň fiziologiki üýtgemeler bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýar.


düýn 23:54
834

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......