Samsung Galaxy A36 we A26-nyň ýokary hilli şekil suratlary peýda boldy

  • 16.02.2025 19:57
  • 6.9k+

Internetde Samsung Galaxy A36 we A26-nyň ýokary hilli şekil suratlary peýda boldy.

Galaxy A36-nyň suratlaryny meşhur insaýder Ewan Bless paýlaşdy. Modelde monolit görnüşdäki täze kamera blogy ýerleşýär. Smartfon Full HD+ durulykdaky we 120 Gz täzeleniş ýygylykly 6,6 dýuýmlyk OLED displeý bilen üpjün edilýär. Enjam Qualcomm Snapdragon 6 Gen 3 prosessory esasynda işleýär we 8 GB operatiw ýat (RAM) bilen üpjün edilýär. Esasy kamerasy 50 MP sensor bilen gelýär.
Model ak, benewşe, gara we ýaşyl reňklerde hödürlener.

Galaxy A26 modeliniň şekillerini bolsa Arsène Lupin lakamy bilen tanalýan insaýder paýlaşdy. Bu model ozalky öňki panel bilen Galaxy S10-dan ylham alnan täze arka dizaýny utgaşdyrýar.
Öňki hasabata görä, bu smartfon 120 Gz täzeleniş ýygylykly 6,64 ýa-da 6,7 dýuýmlyk FHD+ displeý bilen üpjün ediler.
Ol Samsung Exynos 1280 prosessory esasynda işleýär we 6 GB operatiw ýat bilen üpjün ediler. Batareýanyň göwrüminiň 5000 mAh bolmagyna garaşylýar.


Enjamyň ölçegleri 164×77,5×7,7 mm, agramy bolsa 209 gram bolar. Bu bolsa ony ozalky modelden birneme uly, ýöne has ýuka we ýeňil edýär. Geçen ýylky modeliň galyňlygy 8,3 mm, agramy bolsa 197 gram bolupdy.

Iki smartfon hem Android 15 esasly One UI 7.0 bilen işleýär we 6 ýyl täzelenme alar.
Täze modelleriň resmi tanyşdyrylşynyň mart aýyndan giç bolmazdan geçirilmegine garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...