Ýogurt içege düwnük keseliniň howply görnüşiniň döremek töwekgelçiligini azaldýar

  • 16.02.2025 19:29
  • 5k+

Amerikaly we ýaponiýaly alymlaryň geçiren barlaglary ýogurt bilen yzygiderli iýmitlenmegiň kolorektal düwnük keseliniň döremek töwekgelçiligini azaldyp biljekdigini görkezdi. Çişiň bu görnüşi ýogyn içegäniň sag tarapynda ýüze çykýar we hassalarda ölüm derejesi göni içegäniň düwnük keseline garanda has ýokarydyr.

Ýogurt tebigy süýtden we bolgar taýajygy bilen termofil streptokokklaryň uýan görnüşinden taýýarlanýar. Bu süýt-gatyk önümi içege bakteriýalarynyň deňagramlylygyny saklamak we içege çişleriniň öňüni almak ýaly peýdaly häsiýetleri bilen köpden bäri mälimdir.
Gut Microbes žurnalynda neşir edilen bu barlagda 132 000-den gowrak adamyň (87 379 zenan we 44,677 erkek adam) gatnaşmagynda we içegäniň düwnük keseliniň 3079 ýagdaýy baradaky maglumatlar, şol sanda tassyklanan kesel kesgidi bolan gatnaşyjylaryň dokumasynyň nusgalary bilen baglanyşykly iki sany uly barlagyň maglumatlary ulanyldy. Barlagyň başynda 1976-njy ýylda zenanlaryň 30-55 ýaşy dolupdy, 1986-njy ýylda erkekler 40-75 ýaş aralygyndady.
Statistik seljermeleriň esasynda alymlar hepdede iki ýa-da ondan hem köp gezek ýogurt iýmegiň içegäniň düwnük keseliniň döremek howpuny 20% azaldýandygyny anykladylar. Täsir, esasanam, bifidobakteriýa boýunça oňyn çişlerde aýdyň göründi.
Barlagyň awtorlary ýogurt içegäniň mikrobiomasyna oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarlar, ýöne bu çaklamany tassyklamak üçin goşmaça işleri geçirmek zerur.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......