Ridli Skottuň täze filminde Margaret Kuolli bilen Jeýkob Elordi oýnar

  • 16.02.2025 13:07
  • 3k+

Ridli Skottuň täze filminiň aktýorlar düzümi yglan edildi. “It ýyldyzlary” diýlip atlandyrylýan bu filmde Jeýkob Elordi, Margaret Kuolli, Joş Brolin we Gaý Pirs oýnar.

Film 20th Century studiýasy tarapyndan surata düşürilýär.
Geljekki film Piter Helleriň adybir romanyna esaslanýar. Filmiň edebi esasyny Mark L. Smit ýazdy. Film aprel aýynyň ahyrynda Italiýada Dolomit Alplary sebitinde surata düşürilip başlanar. Skott Free-niň prezidenti Maýkl Pruss bilen Kliff Robertson filme prodýuserlik eder.
Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Elordi taşlanan aerodromda "reýnjer" Bangli (Joş Brolin) bilen ýaşaýan Hig atly uçarmanyň keşbini ýerine ýetirer. Gahrymanlar üýtgeýän dünýäniň ýagdaýlaryna hötde gelmek bilen birek-birege çydam etmäge mejbur bolýarlar. Günleriň birinde uçar kiçeňräk fermada heläkçilige uçraýar.


şu gün 08:26
290

«”Awe Mariýa” taslamasy» şu ýyl başlangyçda iň köp girdeji gazanan film boldy

«”Awe Mariýa”taslamasy» atly ylmy-fantastik drama Amazon MGM studiýasynyň taryhynda başlangyç görkezişlerde iň köp girdeji getiren film boldy. Bu hakda Variety neşiri habar berýär. Raýan Goslingiň gatnaşmagyndaky film Demirgazyk Amerikada 80,5 mln, halkara bazarlarda bolsa 60,4 mln, jemi dünýä derejesinde 140,9 mln dollar gazandy...

şu gün 07:07
577

Timoti Şalame emeli aň baradaky romanyň esasynda film surata düşürmegiň üstünde işleýär

Timoti Şalame Riçard Pauersiň The Playground ("Çagalaryň oýun meýdançasy") romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýar. Ol taslamany Warner Bros. bilen bilelikde durmuşa geçirer diýip, "Deadline" habar berýär . Aktýoryň filmde baş keşbi janlandyrjagy ýa janlandyrmajagy entek belli däl...

düýn 05:13
1.1k+

«Paddingtonyň» režissýory Labubu barada film düşürer

Sony Pictures amerikan kinokompaniýasy Labubu oýunjagy baradaky filmiň önümçiligine başlady diýip, CNBC habar berýär. Kompaniýa filmi düşürmek hukugyny 2025-nji ýylyň noýabrynda Hytaýyň Pop Mart oýunjak öndürijisinden satyn aldy...

22.03.2026 12:38
4.7k+

Madonna 24 ýyldan soň ýene kino dünýäsine gaýdyp geldi

«Amerikaly meşhur aýdymçy Madonna 24 ýyldan soň ýene aktrisalyk kärine dolanmak hyýalyna mündi. Ol «Kinostudiýa» (The Studio) atly serialyň ikinji möwsüminde surata düşýär» diýip, Entertainment Weekly neşiri habar berýär...